“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021” halkara forumynyň umumy mejlisiniň çäginde BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko foruma gatnaşyjylara wideo habary iberdi. Onda Türkmenistanyň öňe süren sebit we dünýä derejesinde durnukly energiýa pudagyndaky başlangyçlarynyň tagallalaryna ýokary baha berdi.
“Iş ýüzünde, Türkmenistanyň mega-taslama başlangyjy – Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi – BMG Baş Assambleýasynyň durnukly energiýa üstaşyr geçiriş kararyny durmuşa geçirmegini goldap biljek, şeýle hem ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün edip biljek mysaldyr” diýip Dmitriý Şlapaçenko belläp geçýär.
BMG Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistan öňe sürülen iki karary bilen şaýatlyk edýän global energiýa howpsuzlygy mehanizmlerini döretmegiň çäginde energiýanyň howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçmegini ösdürmekde Türkmenistanyň alyp barýan işlerini belläp geçdi.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler