Şaýy pullary

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň köp asyrlyk buýsançly we gahrymançylykly taryhyny öwrenmeklige bolan gyzyklanma has artdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmyň, bilimiň ösmegine täzeden badalga berilmegi bilen, halkymyzyň geçmiş taryhyny ylmy nukdaýnazardan, hemmetaraplaýyn, dogry we çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredi. Öz gözbaşyny gadymy müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen milletiniň baý taryhy bar. Halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek türkmen halkynyň gelip çykyşyny we kemala gelşini, onuň beýleki halklar bilen etniki, medeni hem ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.

Halkyň taryhy mirasynyň ýitip gitmezligi we milli özboluşlylygyny şöhlelendirmek üçin olary bir ýere ýygnap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, ilata ýetirmek muzeýleriň esasy wezipesidir. Türkmen taryhyny, medeni mirasyny dikeltmek, aýawly saklamak, halka ýetirmek, şol gymmatlyklaryň üsti bilen Watana, halka söýgi döretmek boýunça ýurdumyzyň döwlet muzeýleri uly işler alyp barýarlar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy pullarymyzy öwrenmeklige giň mümkinçilik döredildi. Taryhy tapyndylarymyzy halka görkezmek üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän muzeýler döredildi. Muzeýlerde beýleki milli gymmatlyklarymyz bilen birlikde, geçmişde ulanylan pullar we Garaşsyzlyk döwründe dolanyşyga girizilen hem-de ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp çykarylan ýadygärlik pullar saklanýar.

Pullar adamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Pul dolanyşygynyň taryhy bolsa ýer togalagynyň islendik ýerinde halkyň medeniýetiniň, jemgyýetiniň ösüş derejesiniň esasyny düzýän örän möhüm zatlaryň biridir. Pullar pul nyşanlary hökmünde, ýagny şaýylyklar we banknotlar-kagyz pullar hökmünde gyzykly hem-de özboluşly taryhy resminama bolup durýar. Geçmişiň şaýady bolmak bilen, olar uruşlar we özgertmeler hakynda, döwlet garaşsyzlygy ugrundaky göreş hakynda gürrüň berýärler.

Teňňe pullary örän gymmatly taryhy çeşmedir. Olary taryh ylmynyň kömekçi şahasy bolan numizmatika öwrenýär. “Numizmatika” grekçe “nomisma” sözünden gelip çykyp teňňe pul ýa-da kanuny töleg serişdesi diýen manyny berýär. “Numizmatika” metal pullary, pul belgilerini, zikgäniň we pul dolanyşygynyň taryhyny öwrenýär. Metal pullary pul dolanyşygynyň serişdesi, döwlet resminamasy, sungat eseri hem-de taryhy we epigrafik çeşme hökmünde öwrenilýär. Olary öwrenmek bilen dürli taryhy wakalary, ýurduň ykdysady ýagdaýyny, başga ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryny, arheologiýa, etnografiýa, antropologiýa, paleografiýa, metrologiýa degişli gymmatly maglumatlary, şeýle hem şol döwrüň tehnikasynyň, sungatynyň ösüş derejesini we adamlaryň ruhy baýlyklaryny öwrenmek bolýar.

Metal pullary çykmazdan öň adamlar pul hökmünde ummasyz harytlary synap görüpdirler we ulanypdyrlar. Soňabaka jemgyýetiň ösmegi, adamlaryň aň-düşünjeleriniň we tejribeleriniň artmagy netijesinde söwda-da giňden ulanylan aralyk haryt metaldan ýasalypdyr.

Metal pullarynyň haryt pullarynyň beýleki görnüşlerinden artykmaçlygy metal pullar zaýalanmandyr, olary töleg serişdesi hökmünde islendik wagta çenli saklap bolupdyr. Şeýle hem olar az ýer tutanlygy üçin olary başga ýerlere äkitmek ýeňil bolupdyr. Olary gymmatbahaly metallardan – altyndan we kümüşden ýasamak has-da bähbitli bolupdyr.

Teňňe pullaryň ýüz tarapynda, adatça, hökümet nyşany – döwlet tugrasy, hökümdaryň portreti, dini tekstler, adatça, gysgajyk ýazgylar bolup, ol pullaryň ýüz hem arka taraplarynda ýerleşdirilipdir. Puluň ady, zikgelenen ýeri, senesi hem-de hökümdarlaryň atlary we unwanlary (titul) ýazylypdyr. Teňňeler, adatça, belli bir agramda zikgelenip, olar dürli ýurtlarda we döwürlerde bir-birinden tapawutlanypdyr.

Şaýy puly ýasamaklygyň taryhynda bir-birinden tapawutlanýan iki usul ulanylypdyr: guýma we zikge tärleri. Guýma usuly ergin metaly öňünden taýýarlanan galyba guýmak arkaly amala aşyrylypdyr. Zikge usuly b.e.ö. VII asyrdan bäri, ähli ýurtlarda ulanylypdyr. Zikge usuly ilki çekiç arkaly el güýji bilen amala aşyrylypdyr, soňra XV asyryň aýagyndan başlap kämilleşdirilen gurallar bilen ýasalypdyr. Orta Aziýa hanlyklarynda şaýy puly çekiç arkaly el güýji bilen zikgelemek dowam edipdir.

Pullaryň şaýylyklar görnüşinde peýda bolmagy döwletleriň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Ilkinji zikgelenen teňňeleriň haçan orta çykandygy barada doly we anyk bolmadyk maglumatlara görä, Kiçi Aziýada ýerleşen gadymy Lidiýa döwletinde miladydan öňki VII asyrda ýüze çykarylypdyr. Ol teňňeler altynyň hem-de kümşüň elektro-tebigy ergininiň garyndysyndan ýasalypdyr. Miladydan öňki V asyryň ikinji ýarymynda bolsa mis teňňeler ýüze çykypdyr we bu teňňeler miladydan öňki IV asyr giňden ýaýrapdyr.

Ilkibaşda mis we bürünç çybyjyklary ählumumy deňeçer baha hökmünde ulanylypdyr. Birneme soňrak bu çybyjyklary takyk belli bir agram böleklerine bölüp başlapdyrlar, metalyň agramyny we arassalygyny görkezmek üçin bolsa olara tagma basyp başlapdyrlar. Şular ýaly çybyjyklaryň dessejigi “drahma” diýen grek sözi bilen atlandyrylypdyr (“dessejik”). Bu söz hem dünýäde ilkinji şaýylyklaryň adyna öwrülipdir. Şaýylyklar gysga möhletde bütin gündogar Ortaýer deňzi boýunça ýaýrapdyr.

Merkezi Aziýanyň ep-esli bölegi, hususan-da, häzirki Türkmenistanyň çäkleri b.e. öňki VI-IV asyrlarda Ahemenidleriň döwletiniň düzümine giripdir, ol ýerde b.e. öňki VI asyrdan başlap ilki altyn, soňra bolsa kümüş şaýylyklar zikgelenilipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň II jildinde arheologiýa we etnografiýa adalgalarynyň gysgaça sözlügi berilýär. Bu sözlükde geçmişde şaýy pullarynyň atlandyrylyşy barada hem birnäçe gyzykly maglumatlar berilýär.

Pul hökmünde däl-de şanly senelere bagyşlanylan şaýylyklar hem çykarylypdyr. Olar örän gadymyýetde hem zikgelenilipdir. Olarda döwletiň durmuşynda uly-kiçi ähmiýeti bolan wakalaryň hemmesi görkezilipdir.

Häzirki zaman dünýäsinde hem şanly senelere bagyşlanylan şaýylyklary çykarmadyk döwlet, megerem, ýok bolsa gerek. Emma öňki wagtdakysyndan tapawutlylykda häzirki zamanyň şanly senelere bagyşlanan şaýylyklary esasan pul dolanyşygy üçin däl-de, aglaba toplamak üçin niýetlenendir. Mundan başga-da şular ýaly şaýylyklaryň çykarylmagy kiçi plastikanyň, medalçylyk sungatynyň serişdeleriniň üsti bilen şol döwletiň ruhy, hukuk, syýasy we milli artykmaçlyklarynyň täzeden dikeldilmegini maksat edinýär. Bu şaýylyklar diňe bir pul däl-de, eýsem özlerini çykaran ýurduň taryhynyň hem-de medeniýetiniň kiçijik ýadygärlikleridir.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ilkinji şular ýaly şaýylyklaryň çykarylmagy 1994-nji ýylda (şol wagtda bellenilýän sene boýunça) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe – 19-njy fewrala gabatlanyldy. Olar pul dolanyşygyna niýetlenen däldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýadygärlik şaýy pullary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň, döwlet baýramçylyklarynyň we şanly seneleriň hormatyna çykarylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Munuň özi täze şaýy pullaryň bezeg aýratynlyklarynda we degişli mowzugynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki zaman wakalaryny alamatlandyrýan bezeg aýratynlyklary bilen täze teňňeler diňe bir çeperçilik gymmatlyga, özboluşly bezege eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli gymmatlyk hökmündäki ähmiýeti hem ýokarydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan gymmat bahaly metallardan ýasalýan şaýy pullary ýurdumyzda döredilýän numizmatiki toplumynyň üstüni ýetirmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanlaryna öwrülýär. Bu gymmatly numizmatik toplumyň üstüni ýetirýän şanly senelerine bagyşlanyp çykarylýan ýadygärlik şaýy pullary ýurdumyzyň ilatynyň buýsanjy bolmak bilen, köp sanly türkmen we daşary ýurtly pul ýygnaýjylar üçin her bir şanly senelere ajaýyp sowgat bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini ylmy esasda çuňňur öwrenmeklige, milli medeni mirasymyzy gorap saklamaklyga, onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem taryhy tapyndylar bilen bir hatarda häzirki zamanyň gymmat bahaly önümleri bolan sowgatlyk we ýadygärlik şaýy pullarynyň hem köp görnüşleri saklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznalarynda ýurdumyzyň şaly senelere bagyşlanyp çykarylan ýadygärlik şaýy pullarynyň hem birnäçe görnüşleri bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň gaznalarynda birnäçe teňňeler, ýadygärlik şaýy pullary we medalýonlar bolup, olaryň ählisi iň bir göwrümli we örän täsin muzeý gymmatlyklary bolup durýar. Bu gymmatlyklaryň ylmy, taryhy-medeni ähmiýeti çäksizdir.

Ogulmaral Orazowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni

The State Museum of Turkmenistan
Tel:  +99312 482592
Fax: +99312 482593

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok