Myrat Mollaýew “48HourFilmRace” kino festiwalynyň final tapgyryna çykmagy başardy

Halk içinde “Myrat Molla” ady bilen tanalýan ýurdumyzyň görnükli sungat işgäri, waşi Myrat Mollaýew Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «48 sagatda film» atly film bäsleşiginde final tapgyryna çykmagy başardy. Ýaryşyň şu ýylky möwsümine jemi 976 film (26 Türkmenistan) hödürlenip olaryň 249-y (5 Türkmenistan) bäsleşige kabul edildi.

27-nji oktýabrda bäsleşigiň netijeleri jemlenip jemi 12 (iň gowy film, Iň gowy iş integrasiýasy, iň gowy režissýor, Iňlis dilindäki iň gowy film, eminleriň ýörite sowgady, guramaçylaryň saýlawy, iň gowy komediýa, iň gowy hereketli film, iň gowy drama film, iň gowy horror film, iň gowy melodrama film, iň gowy fantastik film) bölüm boýunça ýeňijiler saýlandy.

48HourFilmRace – Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda geçirilýän kinofilm festiwaly – bäsleşigidir. Bäsleşigiň esasy şertleriniň biri, filmi 48 sagadyň dowamynda ýazga geçirmekdir. Mundan başgada guramaçylar tarapyndan birnäçe şert goýulýar we kesgitlenen şertler filmiň dowamynda görkezilmelidir. Ýaryşda esasy ýeňijiniň baýragy bolsa, “New York Film Academy”-de film ýazgy etmeklik boýunça 1 ýyl okuw-sapagyny geçmek üçin ABŞ-nyň Nýu Ýork ‘şäherine ugradylýar.

Türkmen ýaşlarynyň şeýle halkara derejedäki ýaryşlarda bäsleşip netijeli işleri görkmezmeklikleri bizi has-da buýsandyrýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok