SANLY YKDYSADYÝET BILEN ÖSÜŞLERE TARAP

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi.  7 bapdan ybarat bolan bu konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, gürrüňi edilýän resminamanyň  maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

         Ýurdumyzda üç tapgyrda:

  • 1-njy tapgyryny  2019-njy ýylda;
  • 2-nji tapgyryny 2020 — 2023-nji ýyllarda;
  • 3-nji tapgyryny 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrmaklyk göz öňüne tutulan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň» häzirki wagtda ikinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi kämil we takyk statistik binýady, milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk we durmuş üpjünçiligi, býujet-salgyt, maýa goýum hem-de sebitleri ösdürmek baradaky syýasy-ykdysady strategiýalary, ägirt uly işleri we has iri taslamalary  örän şowly amala aşyrmaga şert döreder.

         Biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýet ulgamyny ösdürmek maksatnamasy ilatyň has oňaýly şertlerde ýaşamagy üçin niýetlenilen täze global ykdysady ekoulgamyny gurnamaga döwletiň doly gatnaşmagyny we täze ykdysady gurluşyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegini aňladýar. Çünki, sanly ykdysadyýetiň işleýşiniň wajyp ugry – döwletiň we işewürligiň maglumat hem-de ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekdir hem-de  sanly giňişlikde şahsy maglumatlary we ýurduň raýatlarynyň şahsy durmuşynyň el degrilmesizligini goramakdyr. 

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň tapgyrlaýyn sanlylaşdyrylmagy ata Watanymyz Türkmenistany mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Güljahan ÝAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok