Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna şaly hasylyny almagy maksat edinýän gallaçy-kärendeçiler gymmatly azyklyk ekin bolan şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. «Bereketli toprak» gazetiniň ýazmagyna görä, şu günler daýhan birleşiginde şaly oragy dowam edýär.
Daýhan birleşiginde orak orujylaryň 60-sy öndürijilikli işledilýär. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanyň şalysy ýygnalýar. Ýyglan şalyny galla kabul ediş nokadyna daşamakda «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kysymly awtoulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanylýar.
Daýhan birleşiginde şalyny ösdürip ýetişdirmekde netijeli işläp, bu ugurda baý iş tejribe toplan şalyçy-kärendeçiler barmak büküp sanardan kän. Şu ýyl hem kärendeçi Meretdurdy Amanow 25,08 gektar, Näzikgül Garlyýewa 10 gektar, Nurýagdy Gurbangylyjow 20 gektar, Güýçmyrat Garlyýew 8 gektar kärende ýerlerinde şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şalynyň irki möhletde bişip ýetişmegi üçin aladalandylar. Netijede her gektardan 43,16 sentnerden geçirip, şaly öndürmegi başardylar.
Gülnur Annakurbanowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.
Teswirler