“Kompýuter grafikasy”, “Matematika” we “Himiýa” dersleri boýunça II Açyk Internet olimpiadasy geçirilýär

    Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda II Açyk Internet olimpiadasy geçirilýär. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumlarynyň Matematika, Himiýa we Kompýuter grafikasy dersleri boýunça (On-line tertibinde) geçiriler. Olimpiadanyň bir tapgyrda her ýokary okuw mekdebiň özünde geçirilýär. “Kompýuter grafikasy” dersinden bäsleşik– 26.10.2021ý. senede sagat 0900  – başlaýar. Bu dersden bäsleşige gatnaşyjy talyplara 150minut  wagt beriler.  “Matematika” we  “Himiýa” derslerinden – 27.10.2021ý. senede sagat 0900  – başlaýar.  Bu derslerden bäsleşige gatnaşyjy talyplara 120minut wagt beriler.  

                Geçirilýän Internet-olimpiýadanyň esasy maksady:

  • Talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
  • Tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek;
  • Ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmekden ybarat bolup durýar.

Atageldi SAPARGULYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Binagärlik-gurluşyk
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok