«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti gurluşyk serişdelerini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk
serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň görnüşlerini köpeltmäge goşant goşýar. Kärhana Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde ýerleşýär. Hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda gurluşykda ulanylýan gury garyndy önümlerini, 2019-njy ýylda bolsa gipsokarton öndürip başlady. Bu barada «Rysgal» gazeti ýazýar.

Bu önümleriň esasy çig maly hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, operator tarapyndan dolandyrylýar. Önümiň hilini barlaýan barlaghana, kompressor gurnamasy, transformator podstansiýasy, taýýar önümleri gaplaýan bölüm, olary saklamaga niýetlenen ammar bar. Kärhanada 50-ä golaý hünärmen zähmet çekýär. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 8 million inedördül metr gipsokarton, 78 müň tonna gury gurluşyk garyndysyny öndürmäge niýetlenendir.

Gurluşyk serişdelerini öndürmekde öňdebaryjylaryň biri hökmünde tanalýan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti öz öndürýän önümleri bilen halkara bazarda mynasyp orun tapmagyň hötdesinden geldi. Golaýda Gazagystan Respublikasyna gipsokartonyň 20 müň inedördül metri ugradyldy. Ýakyn geljekde gipsokartonyň 21 müň inedördül metri Gazagystan Respublikasyna, 19 müň 200 inedördül metri Azerbaýjan Respublikasyna eksporta ugradylar.

Merjen Annaberdiýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok