Ýurdumyzda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

Ýurdumyzyň daýhanlary gant şugundyryň hasylyny ýygnamak işine girişdiler. Şu ýyl  ýurdumyzda ýeke-täk hereket edýän “Maryşeker” AGPJ 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmegi meýilleşdirýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýere şugundyr ekildi. Welaýatda gant şugundyry üçin Garagum etrabyna 5 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ekini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlaryna bolsa 200 gektar ýer bölünip berildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda jemi 3 müň gektar ýerde şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

Belläp geçsek, Balkan welaýatynda şugundyry gaýtadan işlemäge niýetlenen täze kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Kärhananyň işe girizilmegi geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we şeker hem-de süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik berer.

Parahat HALLYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok