Talyplaryň arasynda iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Baky Bitarap Türkmenistan» atly iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik üçin işler 2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 5-nji dekabryna çenli uniwersitetiň iuhd.org@gmail.com internet sahypasynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşýan her bir talyp https://iuhd.edu.tm/competition internet sahypasy arkaly hasaba alynmaly.

Bäsleşik iki derejede geçiriler. Birinji dereje boýunça ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar, ikinji dereje boýunça žurnalistika hünärinden başga islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň iňlis dilinde çeper ýazuwyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige gatnaşýan talyplar öz işlerini 300-den 500-e çenli söz aralygynda ýazmalydyrlar.

Akjagül AMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok