Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä sanawyna goşular

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekde iň öňdebaryjy uniwersitetleriň bütindünýä sanawyna girmegi maksat edinip, dünýäniň ýöriteleşdirilen ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Soňky wagtlarda halkara nebit we gaz uniwersiteti Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasy (IAU) boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Bu ýokary okuw jaýy 2013-nji ýyldan bäri IAU-nyň agzasy bolup durýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Ýewropa işewürler assambleýasynyň Sokrat komitetiniň Ýewropa hil assambleýasy (Oksford, Angliýa) tarapyndan, SEIN birleşiginiň halkara bäsleşiginiň diplomyndan, altyn medaldan, hormat nyşany bilen sylaglanyldy.

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasy, Malaýziýa, Rumyniýa, Belarus, Birleşen Arap Emirlikleri, Ukraina, Koreýa Respublikasy, Özbegistan ýaly ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi dowam etdirýär.

Ybraýym GURBANMYRADOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok