Türkmenistanly türgen guşakly göreş boýunça kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly türgen Emirhan Esenow, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Emirhan Esenow dünýä kubogyndaky ilkinji üç tutluşygynda Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekillerinden üstün çykdy. Final tapgyrda bolsa ol russiýaly Dmitriý Lewaşowdan utulyp, ýaryşy kümüş medal bilen tamamlamaly boldy.

Guşakly göreş boýunça dünýä kubogy 22 ― 24-nji oktýabr aralygynda geçirildi. Oňa dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy.

Laçyn ATAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok