Sanly ykdysadyýet – halk hojalygyny ösdürmegiň döwrebap usuly

         Sanly ykdysadyýet – häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde halk hojalygyny global özgerişiň esasynda düýpgöter ösdürmekligiň döwrebap usulydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde syýasatçylar bilen telekeçiler  sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar. Häzirki wagtda bütindünýä sebitinde sanly ykdysadyýet belent sepgitler bilen örän çalt depginde ösýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, onuň elmydama ýokary tizlikli hereketde bolmaklygydyr. Bu ýokary tizlikli hereket bolsa, häzirkizaman ykdysadyýetiniň ýyldyrym çaltlygynda döwrebap özgerýändigini görkezýär. Çünki, bütindünýä ýüzünde sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp,  sanly söwda ulgamynda buýurmalary ýerine ýetirmeklikde, harytlar bilen üpjün etmeklikde, önümler barada maglumatlary kabul etmeklikde we ugratmaklykda  alnyp barylýan döwrebap işler ýokary tizlik bilen amala aşyrylýar.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hem dünýä ykdysadyýetiniň döwrebap özgerişi bilen aýakdaş gidip, dünýä ykdysadyýeti bilen deň derejede gülläp ösýär. Bu babatda milli Liderimiz:  «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Dünýäde bolup geçýän ylmy-tehnologik öwrülişik Türkmenistana hem gönüden-göni täsir edip, ýurduň ykdysady we tehniki howpsuzlygy hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň döwlet tarapyndan, şeýle hem telekeçilik ulgamynda-da bäsdeşlige ukyplylygy babatdaky jogapkärçiligi ýokarlandyrýar.» – diýip örän jaýdar belleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi.  7 bapdan ybarat bolan bu konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, gürrüňi edilýän resminamanyň  maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Toýly AKMUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok