Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylary ýurdumyzda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Welaýatda  ekiş möwsümi bellenilen möhletlerde hem-de agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi. Ekiş üçin ýokary hasyl berýän hem-de kesellere durnukly tohumlar taýýarlanyldy.

Ekiş işlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman oba hojalyk enjamlary peýdalanyldy. Geljek ýyl ýurdumyzda jemi 1 million 400 müň tonna, şol sanda Lebap welaýatynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Gülälek KAKALYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok