Her ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýä ýüzünde bellenilip geçilýän Bütindünýä ösüşi barada maglumat güni 1972-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň XXVII sessiýasynda 3038 belgili rezolýusiýasyna laýyklykda döredildi.
Bütindünýä ösüşi barada maglumat gününi bellemek teklibini 1972-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň söwda we ösüş boýunça Maslahaty mundan beýläk maglumatlary ýaýratmak, söwda we ösüş meselelerine degişlilikde jemgyýetçilik pikirini mobilizlemek boýunça çäreleri geçirmek üçin hödürledi.
Mejlis bu günüň senesini BMG-niň işinde ösüşiň esasy ornuny bellemek üçin guramanyň döredilen güni, ýagny 24-nji oktýabra gabat gelmeli diýen karara geldi. Şeýle-de bu gün 1970-nji ýylda BMG-niň geljekki ösüş onýyllygy üçin Halkara Ösüş strategiýasynyň kabul edilen güni gabat gelýär.
Selim REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler