Ýurdumyzda güýzki bag ekişine taýýarlyk görülýär

Ýakynda ýurdumyzda başlajak güýzki bag ekiş möwsüminde 15 million agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär.

Ýazky bag ekiş möwsüminde hem 15 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Şeýlelik bilen, şu ýyl ýurdumyzda ekilen agaçlaryň umumy sany 30 million bolar. Bu san Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aňladýar.

Geçen ýyl ýadyňyzda bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tutuş ýurt boýunça 25 million agaç nahaly oturdylypdy.

Agaç nahallaryny oturtmak çäresine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşar. Şeýle möhüm çäre ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasyndan ugur alýar.

Şemşat AGAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok