Ýurdumyzda hereket edýän “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy dokuzynjy doglan gününi meýletinçileriň ýygnagy bilen belläp geçdi. Meýletinçiler guramanyň adamlara kömek etmek üçin taslamalaryny durmuşa geçirmeginde esasy güýç bolup durýar.
Bu jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçileriniň arasynda mekdep okuwçylary, talyplar, dürli guramalaryň hünärmenleri, şeýle-de pensionerler bar.
“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň döredilenine dokuz ýyl bolmagyna bagyşlanan ýygnakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, geljek üçin niýetlenen meýilnamalar, ýaşlaryň çärelerini geçirmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Belläp geçsek, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredildi. Gurama dokuz ýyl bäri köplere kömek edip, ilatyň hormatyna we ynamyna eýe boldy we adamlara degişli onlarça taslamany durmuşa geçirdi.
Oguldursun MÄMMEDOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýa
fakultetiniň talyby.
Teswirler