«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2021» halkara maslahatyna 100-e golaý kompaniýa gatnaşar

27-28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahat geçiriler. Oňa 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşarlar.

Forumyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle ýokary derejedäki forumlar we maslahatlar ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikler döredýär.

Şamuhammet MUHAMMEDOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok