Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy wodorod öndürmegi meýilleşdirýär

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy wodorod önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär.

Desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak we işe girizmek boýunça degişli halkara tenderler yglan edildi. Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 60 iş günleriniň dowamynda kabul edilýär.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 1943-nji ýylda döredilip, garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerişlikleri başdan geçirdi. Toplum nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini, şol sanda polipropilen we suwuklandyrylan tebigy gazyny öndürýär, şeýle hem olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.

Täzegül AGAGELDIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok