Şu gün ýagny 23-nji oktýabrdan ata-babalarymyzyň ulanan milli senenamasy boýunça akrap döwri başlady. Bu döwür 22-nji noýabra çenli dowam edýär.
Bu döwürde howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Howa birden sowap ugraýar. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar.
Akrap gelen gününden başlap, howanyň ýagdaýy üýtgeýär. Howa gijelerine biçak sowap, käte oba hojalyk ekinlerini sowuk urýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçinem, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýipdirler. Mizan gelenden soňra öwsen ýeli diňe agaçlaryň sary ýapraklaryny şahasyndan düşürýän bolsa, akrap gelenden soň, gijelerine suwuň doňmagy bilen, köp ösümlikleri sowuk urýar. Bary-ýogy bir aý dowam edýän akrap döwri daýhanlara-da, maldarlara-da gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Sebäbi gowy taýýarlyk görülmese, adyndan belli bolşy ýaly, 23-nji noýabrda başlanýan garagyş olaryň azabyny reýgan edip bilýär.
Uzukjemal AGABAÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler