Täsin gurluşly awtobus duralgasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde täsin gurluşly awtobus duralgasy ýerleşýär. Şäherde üç sany “BUS” diýip uly harplar bilen ýazylan awtobus duralgasy bolup, bu duralga ol ýere barýanlaryň ünsüni özüne çekýär. “BUS” sözi iňlisçeden terjime edilende awtobus diýmegi aňladýar. Uly harplar bilen ýazylan bu duralgany görmän geçmezlik bolsa asla mümkin däl. Her bir harpyň beýikligi 4,26 metr, ini bolsa 2,13 metre barabar bolup, demir we agaç böleklerinden ýasalypdyr. Awtobus duralgasy diňe daş-keşbi bilen özüne çekiji bolman, eýsem, özüniň esasy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Awtobusa garaşýanlara oturyp garaşar ýaly-da şert döredilipdir.

Her harpda dört adam ýerleşer ýaly giň edip ýasalyp, adamlary ýagyşdan, gün şöhlesinden, şemaldan we beýleki tebigy şertlerden goranmaga mümkinçilik berýär. Bu täsin awtobus duralgasynyň taslamasynyň esaslandyryjylary bolsa ispan arhitektorlary Emilio we Alberto Alarkon, Çiro Merkes hem-de Ewa Salmerondyr. Arhitektorlar 1998-nji ýyldan bäri Madrid şäheriniň bezeg işleri bilen meşgullanypdyrlar. “Transit” taslamasynyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Baltimor şäherinde täsin duralganyň taslamasyny düzüpdirler. Şeýle ajaýyp taslamalary durmuşa geçirendikleri üçin şäheriň ýaşaýjylary olardan örän minnetdar bolupdyr.

.

Maral AHMEDOWA,

S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň buhgalterçilik hasaba alnyş hünäriniň 111-nji toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok