Ýakynda habar berişimiz ýaly, ýurdumyzyň görnükli sungat işgäri, wäşi Myrat Mollaýew Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «48 sagatda film» atly bäsleşigine öz döredijilik topary bilen gatnaşýandygyny aýtdy.
Şu gün Myrat Mollaýew öz instagram sahypasynda, özleriniň bäsleşige hödürlän filmi, TOP 48-de, ýagny iň gowy 48 filmleriň arasynda galandygyny öz muşdaklary bilen paýlaşdy. Bäsleşige Türkmenistandan 20-den gowrak döredijilik toparynyň filmleri gatnaşyp, TOP 48-de bolsa diňe Myrat Mollaýewiň hödürlän filmi galmagy başardy.

Teswirler