Žanna diýlip atlandyrylýan sähra bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana uçup geldi

Esasan Altaý-Saýan ekosebitinde ýaşaýan  «Žanna»  diýlip atlandyrylýan sähra bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana uçup geldi. Bu barada maglumatlar «vg-news» saýty habar berýär.

Daşky gurşaw barada gyzyklanýan ekologlar ýörite GSM yzarlaýjylary ulanyp, guşlaryň göçmegine gözegçilik edýärler, esasy howplary kesgitleýärler we ýyrtyjy guşlaryň seýrek görnüşlerini goramak boýunça birnäçe çäreleri işläp düzýärler.

«Žanna»  diýlip atlandyrylýan sähra bürgüdi şu tomus guş synçylary tarapyndan bellik edilen beýleki sähra bürgütleri bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Bu guş tomusyň agramly bölegini Russiýa bilen Mongoliýanyň serhedindäki Saýlýugem gerşinde geçirdi. Häzirki wagtda guşuň Türkmenistana baryp ýetendigi takyk kesgitlenildi.

Annaşeker GAÝYPNAZAROWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok