Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 22,1% ýokarlandy

2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 491 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,1% ýokarydyr.

Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň beren hasabatyna görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 382 million 800 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýynda Özbegistan 354 million 500 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 136 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Degişli döwürde Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 28 milliard 200 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 680 million 400 müň ABŞ dollary ýa-da 2,5% ýokarlandy.

Ejegyz ARYKOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok