Mary we Balkan sebitlerinde şugundyr ýygymyna girişildi

Mary welaýatynyň daýhanlary ýylyň ahyrky hasylyny – gant şugundyryny ýygnamana girişdiler. Bu baradaky habary “Türkmenistan” gazetine salgylanmak bilen turkmenportal habar saýty habar berýär.

Hünärmenler Sakarçäge etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Ogulbossan Daňatarowanyň gant şugundyrynyň hasylyny ýetişdiren 3 gektar kärende ýerinden hasyl ýygnamana girişdiler.

Saýtda habar berilmegine görä, Şu ýyl şugundyr ekini Mary welaýatynyň 10 etrabynda 14 müň 900 gektar ýerde ekildi. Kärende ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan ekrançylara oňaýly bolan, suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde Serdar, Magtymguly, Esenguly, Etrek we Serdar etraplarynda hem jemi 3 müň gektarda şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

Häzirki wagtda ýygnalýan hasyldan şeker önümlerini taýýarlaýan ýeketäk kärhana “Maryşeker” AGPJ-i bolup durýar. Balkan welaýatynda gurluşygy dowam edýän şeýle ugurly kärhananyň işe girizilmegi bolsa geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we saçaklarymyzyň bezegi bolan şekerdir süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berer.

GAÝYPOW Söhbet
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok