Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biridir. Iki ýarym asyr gowrak wagt bäri türkmen halkynyň dürli syýasy, ykdysady, durmuşy öwrülişikleri başdan geçirendigine garamazdan, Magtymguly Pyragynyň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa, dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň şirwan setirleri halk içinde nakyla, adamlaryň durmuş maslahatçysyna öwrüldi. Adaty sözleýişden tä ylmy garaýyşlara çenli, Pyragynyň pikir-pelsepelerine esaslanýar. Magtymguly Pyragy — türkmen halky üçin şahyrçylykdan hem ýokary, ruhy kämillige ataryjy gudrat derejesinde kabul edilýär.
Watançylyk, yşk (ylahydan perzent mährine çenli), ynsanperwerlik we adamkärçilik, dostluk, gahrymançylyk, rehimdarlyk, geçirimlilik, paýhaslylyk, agraslyk, sadalyk, halallyk, niýeti päkizelik, daşky tämizlik — içki gözellik, haýyr-şer, ýagşy-ýaman, sogap-günä, halal-haram, ynsap-wyždan, iman-güman hakyndaky setirler milletiň göwün küýsegindäki kämillige ymtylyşyň ähli jogaplaryny birin-birin saldarlap berýär.
Şahyryň pelsepesiniň jemgyýetçilik ähmiýeti onuň halkyň dünýägaraýşyna ýakynlygynda, hüý-häsiýeti bilen bir perdeden gopup, milli düşünjelere, ynam-ygtykata esaslanmagyndadyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ählisi ýokarda görkezilen ahlak düşünjesiniň bar bolan derejelerini süňňünde jemleýär. Akyldar şahyr durmuşdaky ýaşaýşy wagyz edýär, bütin adamzada bolan söýgüsini äşgär edýär. Adamlara halal ýaşamagy, ýagşylyk etmegi, erbet endiklerden sap bolmagy ündeýär.
Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleriniň halkyň dilinde nakyl bolup ýaşamagy onuň beýikligini subut edýän hakykat. Pyragynyň setirlerini durmuşynda tymsal getirmedik türkmen ýokdur diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ol türkmeni ähli döwürlerde watançylyga ruhlandyrýar, millilik, millet düşünjesini bitewüleşdirýär.
Ogulşat ATAÝEWA,
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana
şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Teswirler