Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşýar.
Ýurdumyzda daşky gurşawy, biologiýa köpdürliligi goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ýaşyl innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Türkmenistanda ykdysadyýet we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň hemmesi adamlaryň ähli babatda durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa aladalary bilen ykjam baglanyşyklydyr. Her ýyl Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelen uly möçberli gök zolaklar bolsa onuň netijeleri bolup durýar.
BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy maksatnamalaryna goşulyp, ýurdumyz bu resminamalaryň düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça maksada laýyk işleri alyp baryp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler gönüden-göni suw serişdelerini goramak we aýawly peýdalanmak wezipeleri bilen utgaşyklydyr we döwletimiz bu ulgamda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaga örän işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyzyň suwdan netijeli we aýawly peýdalanmak işinde uly tejribä eýedigini hem bellemek gerek. Oňa degişli däpler türkmen halkyna irki döwürlerden bäri mahsusdyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk ýerlerinden lagym suwlaryny ýygnamak üçin amala aşyrylýan bu taslamanyň ilkinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Bu çylşyrymly suw tehniki ulgamynyň desgasy oba hojalyk ekinleriniň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmagy, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagyny goramagy, öri meýdanlaryň suwuny köpeltmegi, balyk hojalygyny ösdürmegi, suw serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmegi goşmak bilen, bar bolan ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan ähli alyp barýan işlerinde daşky gurşawa ýetirilýän zyýany has azaltmaga mümkinçilik berýän önümçiligiň häzirki zaman ulgamlaryny we usullaryny giňden ornaşdyrýar, senagat we durmuş desgalarynyň düzümlerini emele getirýär. Zyýanly gazlaryň galyndylarynyň daşky gurşawa goýberilmegini azaltmak boýunça, halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary, ozaly bilen bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklary bolan nebitgaz, energetika hem-de ulag ulgamlarynda ulanmak usulyna geçýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde we ýurdumyzda ekologiýa ulgamynda bimöçmer işleri amala aşyrýar. Ýaşlara her bir işde görelde bolýan, raýatlaryň her birini daşky gurşawy aýawly saklamaga çagyrýan Gahryman Arkadagymyzyň ekologik syýasatda alyp barýan dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler