«AKYLLY» ŞÄHER KONSEPSIÝASY

Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklarda «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmak, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hakynda birnäçe tabşyryklary berdi.

«Akyl­ly» şä­he­riň kon­sep­si­ýasy­nyň öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat-kommu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­net se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şy­gy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek gerek. Şo­la­ryň kö­me­gi bi­len şä­her dü­züm­le­ri­niň we gul­luk­la­ry­nyň do­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, ila­tyň ýa­şa­ýyşdur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­karlan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän bi­te­wi eko­lo­gik ul­gam dö­re­dil­ýär. Bu kon­sep­si­ýa tu­tuş ul­gam­la­ry özü­ne bir­leş­dir­ýär. My­sal üçin, «akyl­ly» jaý­lar, bi­te­wi mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy hem-de kö­pu­gur­ly şä­her go­şundy­sy ýa­ly ul­gam­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şo­lar ýa­şaý­jy­la­ra tö­leg­le­ri ama­la aşyr­ma­ga, dür­li mag­lu­mat­la­ry alma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hü­när­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, mag­lu­mat teh­nolo­gi­ýa­la­ry­nyň şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­syna or­naş­dy­rylma­gy ha­kyn­da XX asy­ryň ahyryn­da we XXI asy­ryň ba­şyn­da sy­na­ny­şyk­lar edi­lip baş­lan­dy. Şol wagt­lar «smart com­mu­ni­ty» (göni ter­ji­me­si «akyl­ly ilat­ly no­kat») we «smart city» («akyl­ly şä­her») di­ýen dü­şün­je­ler ýü­ze çyk­dy.

«Akyl­ly şä­her» dü­şün­je­si dün­ýäde has ýör­gün­li bo­lup, ol in­no­wasi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­ma­gyň ha­sa­by­na adam­la­ryň ýa­şa­ýyş, dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­gy, şä­her ul­gam­la­ry­nyň tyg­şyt­ly we ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. «Akyl­ly şä­her» (iň­lis di­lin­de «smart city») döw­re­bap mak­sat­nama bo­lup, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýala­ryň şä­her­le­riň do­lan­dy­ryş, ho­ja­lyk ul­gam­la­ry­na or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar.

Mähri MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok