Ykdysadyýetimiziň esasy ugry

Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň nusgasyna öwrülen mähriban Diýarymyzyň ähli pudaklarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşler gazanylýar. Täze taryhy eýýamda türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak işjeňleşýär. Eksportuň möçberi yzygiderli artýar, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Her ýyl däp bolşy ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenip geçilýär. Halkymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Türkmenistan halkara derejesindäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodord serişdelerini diňe bir öz halkymyzyň bähbitlerine däl, eýsem dünýä döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär.

Ýurdumyz halkara energetika syýasatynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyklara uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň yzygiderli sessiýalarynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly Rezolýusiýanyň iki gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny yzygiderli we ynamly amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz döwletimiziň ýakynda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi hem munuň aýdyň kepilidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly başlangyçlary biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika mümkinçiliklerinden iş ýüzünde peýdalanmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň şol başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyny alamatlandyýar.

.

Dawut BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok