Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze we döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, işleriň alnyp barlşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Soňky günlerde Arkadagymyzyň gözegçilik etmegi netijesinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde, diňe bu ugurda däl eýsem beýleki ýerlerdäki alnyp barylýan işleriň hem depgini barha artdyryldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi hem barha ýokarlanýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has gowulandyrmak üçin gijesini gündiz edip işleýänligini ýene bir gezek subut edýär.

Şäheriň gurluşyk işlerinde iň soňky derejede ösen tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwatynyň üzgünsiz artýandygyna aça-açan mysaldyr. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş- ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimini alamatlandyrýar. Raýatlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” atly şygaryna öz wezipesine başlandan bäri her minutda amal edip gelýänini görkezýär.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygy esasynda işläp düzülen “Akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat- kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygy döwletimizde ylym-bilime, sanly ulgama has uly üns berilýänligine aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär. Mysal üçin, “akylly” jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Şolar ýaşaýjylara tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Emeli aň bilen üpjün edilen bu şäher ýaşaýjylara örän uly ýeňillikleri döredýär.

Gülnur HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok