Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynda iş saparyny amala aşyrdy

21-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazowyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi. Bu barada TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň mart aýynda ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni bäri ençeme haýyrly işler ýerine ýetirildi. Şol işleriň hatarynda bu gaznadan welaýatlaryň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berlendigini, mätäç çagalara lukmançylyk operasiýasyny geçirmekde kömek edilendigini we beýlekileri ýatlamak bolar.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary bilen bir hatarda, olaryň höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir. Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryňdyr desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow milli Liderimizi bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Mekan Türkmenow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär

okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok