Bitaraplyk şöhraty

Bitaraplyk — berkararlyk binýady. Watanymyzda hemişelik Bitaraplyk syýasaty döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Türkmenistan bu günki gün dünýäniň ýüzünde hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine ygrarly bolup, onuň yzygiderli durmuşa geçirilip gelýändigi bilen mertebelidir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sebitiň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje, dünýäniň döwletleri üçin nusgalyk taglymata öwrüldi. Bitaraplyk syýasaty dünýä döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki tapgyrynda tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen syýasy-diplomatik ýörelgeleriň altyn gapylaryny açdy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, agzybirligi we bagtyýar ýaşaýşy dabaralandyrmak babatda alyp barýan bimöçber işleri döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalanmagyna güýçli täsir edýär.

Halkymyzyň ýeňişli ýollara beslenen taryhyna ser salanymyzda, türkmen bitaraplyk diplomatiýasynyň kökleriniň asyrlara uzap gidýändigine göz ýetirýäris. Munuň özi ata-babalarymyzyň milli aňyýetinde bitaraplyk — parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleriň kämilleşip gelendigini görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz şanly taryhymyzyň dürli döwürlerinde şöhratly pederlerimiz tarapyndan dünýä ýaýylyp gelindi. Mälim bolşy ýaly, Oguz han atamyzyň hökmürowanlygy yklymlara ýeten döwri güýç bilen däl-de akyl-paýhas, ynsanperwerlik, mahlasy, türkmen taglymaty bilen dünýä aralaşypdyr. Ynsanperwerlige, adyllyga ýugrulan ýörelgeler nesilden-nesle geçip, taryhyň ähli döwürlerinde güýjüni ýitirmän gelipdir. Munuň şeýledigine dünýäniň ýüzünde dörän ýetmişden gowrak türkmen döwletleriniň alyp baran içerki we daşarky syýasy diplomatiýasy güwä geçýär.

Gaýgysyz ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok