Birleşen milletler guramasy

 (Iňlisçe-United nations) Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dambarton-Ouksda (ABŞ) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meselesi gutarnykly çözüldi.

Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelda San-Fransiskoda (ABŞ) geçirilen konferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň düzgünnamasyny kabul etdiler. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär. BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri Nýu-Ýork, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. Ilki başda BMG-niň agzalary 51 döwletdi, 1972-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna  çenli olaryň sany 132-ä ýetdi. Häzirki wagtda BMG-niň düzüminde 193 döwlet bar. Guramanyň resmi dilleri: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleridir.

BMG-niň maksady, onuň öz düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly: parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin toparlaýyn çäreleri görmek bilen, parahatçylygy hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy hem-de ösdürmekden ybaratdyr.

.

Muhammet ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok