Türkmenistanda Bank Ulgamy.2010-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Türkmenistanyň çäginde eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli 11 sany banklar öz işjeňligini alyp barýarlar, olaryň 6-sy döwlet täjirçilik banklary (DTB), 3-si paýdarlar täjirçilik banklary (PTB),2-si daşary ýurt maýasy 100% bolan daşary ýurt banklary (Germaniýanyň doýçe banky (Deutsche Bank) we Kommersbanky (Commerzbank).
Bank edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlar esasanam şahamçalaryň we wekillikleriň giň gerimi arkaly amala aşyrylýar.2009-njy ýylyň dowamynda olaryň sany artmagyny dowam edip,şu günki günde Türkmenistanyň çäginde täjirçilik banklarynyň 128 sany şahamçasy we 408 sany gulluklary hereket edýär.Şahamçalaryň has giň gerimi “Daýhanbank” we “Türkmenistan” DTB-na degişlidir. Bank edaralaryň işgärleriniň sany 5,908 adamdan ybarat bolup,olar 1.353.554 müşderlerä hyzmat edýärler.
Türkmenistanda bank ulgamyny ösdürmek üçin hem birnäçe işler alynyp barylýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.
.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler