Ýurdumyz ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilýän pomidoryň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy.
Şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse diýen ýaly (92%) köp bolup durýar. Bu görkeziji bolsa, Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidoryny iň köp satýanlaryň sanawynda Türkmenistanyň 4-nji orny eýelemeginiň şerti boldy.
Ýurdumyz Russiýa haryt ibermek boýunça Özbegistan bilen deňleşdi. Özbek eksporty 55% artyp, 37,4 müň tonna ýetdi. Deňeşdirmek üçin, şu wagt Türkiýeden Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberi 2% azaldy.
Güljan KUWWADOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler