Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň halklarynyň taryhy-medeni umumylygy, söwda we gumanitar ulgamlarynda köp asyrlyk hyzmatdaşlygyň däpleri, şeýlede parahatçylyk, ylalaşyk we sosial ösüş üçin edilýän tagallalar iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň esasy bolup durýar.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasy 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdular. Döwletara, hökümetara we pudagara derjelerinde baglaşylan 60-dan hem gowrak halkara resminamalar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýadynyň esasy hökmünde hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasy özara gatnaşyklaryň okgunly ösmegi üçin ähli derejeler boýunça yzygiderli syýasy dialoga, şeýle hem söda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmäge ikitaraplaýyn ygrarlylyk bildirýäler. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklarynyň sebit we dünýä syýasatynyň köp meseleleri boýunça iki doganlyk ýurtlaryň Liderleriniň arasynda bar bolan özara düşünişmek ýagdaýy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmegine wajyp faktor bolup durýar.
Döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrmakda netijeli mehanizm hökmünde ykydysady , ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak Hökümetara toparynyň çäklerindäki işleri görkezmek bolýar.
Ýakyn günlerde, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana boljak resmi iş saparyny taýýarlamak meselesi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
.
Batir SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler