20-nji oktýabr – Halkara aşpezler güni

Her ýylyň 20-nji oktýabrynda halkara aşpezler güni – dünýäniň dürli künjeklerindäki aşpezler we aşpez hünärmenleri tarapyndan giňden bellenilip geçilýär.

Bu halkara sene, bütindünýä aşpez jemgyýetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen öňe sürlüp, 2004-nji ýylda döredilipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu guramanyň 8 million agzasy bolup, oňa dürli ýurtlardan nahar bişirmek käriniň wekilleri degişlidir. Häzirki wagtda 70-den gowrak ýurtda halkara aşpezler gününiň bellenilmegi giň gerime eýe boldy. Kulinar hünärmenlerden başga-da, hökümet edaralarynyň wekilleri, syýahatçylyk kompaniýalarynyň işgärleri we kiçi kafelerden meşhur restoranlara çenli naharhana kärhanalarynyň eýeleri hem bu baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek üçin gatnaşýarlar. Aşpezleriň arasynda ussatlyk bäsleşiklerini gurnap olaryň bişiren tagamlaryny dadyp görýärler we özboluşly tagamlary taýýarlamakda synaglary geçirýärler.

Dünýäniň käbir ýurtlarynda çagalaryň we ýaşlaryň gatnaşýan çärelerine az ähmiýet berilmeýär. Aşpezler çagalaryň bilim edaralaryna baryp, şol ýerde çagalara nahar bişirmegi we sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetini-de giňden düşündirýärler. Bu çärä ýaş aşpezler işjeň gatnaşyp, geljekki hünärleri barada has köp zat öwrenip, nahar bişirmek sungatynda gymmatly sapaklary alýarlar.

Aşpez hünäri dünýäde iň köp talap edilýän we iň gadymy hünärdir. Elbetde, goýnuň etini ýa-da tokaýda toplanan ösümlikleri bişirmek pikirini kimiň döredendigi barada taryh dymýar. Emma adynyň tutuş pudaga – nahar bişirmek adyna eýe bolan zenan hakda bolsa birnäçe rowaýatlar hem bar.

Kagyz ýüzüne ýazylan ilkinji tagamlar Wawilonda, Gadymy Müsürde we Gadymy Hytaýda, şeýle hem Arap gündogaryndaky ýurtlarda ýüze çykypdyr. Olaryň käbiri şol döwrüň ýazmaça ýadygärliklerinden bize gelip ýetdi. Russiýada XVIII asyrda nahar bişirmek ösüp başlapdy. Munuň esasy sebäpleriniň biri bolsa, naharhana kärhanalarynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Russiýada ilkinji aşhana 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda açylýar.

.

Atajan HAMRAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok