Mallar üçin ot-iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Elbetde mallaryň gyşda dok bolmagy olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagyna şeýle-de soňundan köpelmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli gyş biraz sowuk gelýän demirgazyk sebitde iým taýýarlamak işiniň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Sebitde iým taýýarlamak işi üçin wagtlaýyn iş toparlary döredilip, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar. Welaýatyň käbir daýhan birleşiklerinde maldarçylyga ýöriteleşen toplumlarda eýýäm ýazlyk ýorunja oragy tamamlanyp, iri baldakly otlaryň we mekgejöweniň ýygymy dowam edýär, saman basylýar we konsentrirlenen iýmit gorlary döredilýär.

Häzirki wagtda oktýabr aýynyň başyna çenli 37 müň tonnadan gowrak iým taýýarlandy. Bu bolsa umumy göz öňünde tutulan mukdaryň 80 göteriminden ýokarydyr. Welaýatyň Akdepe, Boldumsaz we Gubadag etraplarynyň ençeme hojalyklarynyň maldarlary öňde goýlan wezipäni eýýäm ýerine ýetirdiler.

Ýörite taýýarlanan iýmler mallaryň gyşlajak ýerine eltildi. Dowardarlyk we düýe ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan ýörite hojalyklar mallary üçin tebigy otlar we ýandak ýerinde küdelendi.

Şeýle hem welaýatda diňe bir ot-iým taýýarlamak däl eýsem mallaryň boljak kaşardyr-agyllary hem gyşa taýýarlanyldy, suwa ýakmak üçin niýetlenen guýular arassalanyldy.

Daýanç HUDAÝBERGENOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok