Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ruhuna siňen mukaddes düşünjedir.
Biz akylymyzyň ýetmeýän zadyna gudrat diýýäris. Janly-u-jansyz zatlaň ählisinde adam ogluna alara sapak bar. Bu bütin barlygyň sazlaşygyny düzýär. Şol sazlaşyga aralaşyp, tebigata dost bolup bilýän illeriň şanyna ajaýyplyklar alkyş aýdyp durandyr. Bütin barlygyň alkyşyny alýan illeriň ýalkanjagy ikuçsuz ahyry. Belki, şonuň üçinem heňňamlaryň synagyndan geçen halkymyz ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýoluny dowam edýär.
Bitaraplyk biziň halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik däp-dessurlarynyň iň ýokary ýüze çykmasy boldy. Şol bir wagtyň özünde Bitaraplyk syýasatynyň saýlanyp alynmagynda ykdysady häsiýeti bolan ýagdaýlaryň hem möhüm rol oýnandygyny belläp geçmek zerurdyr.
Dünýä bileleşiginde Türkmenistan BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyga eýe bolan ilkinji döwletdir. Bitaraplyk parahatçylygy goramaklyga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deň hukuklylygyň, goňşuçylygyň we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň esasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesini alşynyň taryhy tejribesiniň wagt geçdigiçe ähmiýeti artar. Onuň yzyna eýeriler. Makalamyzy hormatly Prezidentimiziň şu buýsançly sözleri bilen jemlemegi makul bilýäris: «Türkmen Bitaraplygy — bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Goý, bu sözler dabaraly, şol bir wagtda-da buýsançly ýaňlansyn».
Gunça BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler