BAGTYÝARLYGYŇ ÖZENI

Ýer ýüzünde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki ýola ykrar edilen ýeke-­täk döwlet bolan Türkmenistanyň şu günki ýeten sepgitleri mähriban Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän parasatly syýasatçy hökmünde belent at-­abraýyndan habar berýär. Bu ýyl halkymyz hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramyny dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde şatlyk-­şowhun bilen uludan bellär.

Hemişelik Bitaraplyk düşünjesi bize pederlerimizden miras bolup gelen ruhy gymmatlykdyr. Ruhy gymmatlyklar müdimi ýaşaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň özeninde şu müdimi gymmatlyk ýaşaýar.

Ata-­babalarymyz döwürleriň inçe gözli eleginden geçen, agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan atalar sözüni, nakyllary, şorta sözleri, hüwdileri, matallary miras goýup, ruhy hazynamyzyň binýadyny esaslandyrypdyrlar. Şeýle ruhy mirasy bolan ýurdumyz şu günki günde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde umumadamzat jemgyýetini agzybirlige, jebislige, dost-­doganlyga, her bir ýüze çykýan meseleleri bileleşip, gepleşikleri agzybirlik ýoly bilen çözmäge çagyrýar.

Watanymyz turuwbaşdan beýleki döwletleriňkä meňzemeýän, olaryň ülňülerine gabat gelmeýän türkmeniň özboluşly milli häsiýetinden, däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjiliginden ugur alýan daşary syýasat ýörelgelerini işläp düzdi. Ilkinji nobatda, halkara hukuk düzgünlerini ileri tutmagy, halkara meselelerini güýç ulanmazdan, özara düşünişmek ýoly bilen çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, hoşmeýilli Bitaraplyk, harby ýa-da syýasy toparlanyşyklara goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «açyk gapylar» syýasaty, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok