Bitaraplyk — Türkmenistanyň parahatçylygy goramaklyga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deň hukuklylygyň, goňşuçylygyň we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň esasy bolup çykyş edýär.
Ýurduň ykbalyndaky gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bu günki ösüş-özgerişleriň özeninde hem ýurt Bitaraplygynyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleri ýatyr. Çünki, ýüreklere siňen Bitaraplygymyz Türkmenistan döwletimiziň dünýäde agzybirlik, dostanalyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede sarpalanýan gadymy ojagydygy baradaky hakykatyň hem özboluşly dabaralanmasydyr.
Taryhy taýdan uly bolmadyk geçen döwrüň içinde Türkmenistan Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Aşgabat sebitdäki ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Bu ýerde täjigara, owganara gepleşikleriniň ençeme tapgyry geçirildi. Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi. Türkmenistan tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek ençeme taslamalary durmuşa geçirdi. Tejen—Sarahs—Maşat, Gazagystan—Türkmenistan—Eýran, Ymamnazar—Akina demir ýollary, Eýrana geçirilen gaz geçirijiniň iki sany ugry, Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý gaz geçirijisi, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi — ynha, bularyň ählisi biziň oňyn Bitaraplygymyzyň iş ýüzündäki miweleri.
Dünýä bileleşiginde Türkmenistan BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyga eýe bolan ilkinji döwletdir. Şundan ozal bu derejäni alan Şweýsariýa, Awstriýa oňa öz halkynyň erk-ygtyýary hökmünde däl-de, eýsem uruşýan döwletleriň toparlanyşygy tarapyndan berlipdi. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häsiýetli aýratynlygy onuň boýnuna keseden dakylan şert dälliginde, meýletinlik bilen saýlap alanlygyndadyr.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler