Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda şu ýyl arpa ekmek üçin müň gektar ýer bölünip berildi. Sebitiň daýhanlarynyň arpa ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribesi bar we her ýyl daýhanalar arpanyň bol hasylyny alýarlar.
Arpanyň beýleki däneli ekinlerden artykmaç taraplary onuň ir ýetişmegi, toprakdaky çyg ätiýaçlyklaryny gowy ulanmagy şeýle-de guraklyga çydamlylygy bolup durýar. Ýerli daýhanlar arpanyň birnäçe ýerli we daşary ýurt görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.
Arpa mallar üçin gymmatly konsentrirlenen iýmit bolup şol sanda şor ýerleriň hasyllylygynyň dikeldilmegine hem goşant goşýar. Daşoguz welaýatynda bu ekinden bol hasyl alýan sebit S. Türkmenbaşy etrabydyr. Bu etraba arpa ekmek üçin 250 gektar ýer bölünip berildi. Mundan başga-da arpa Köneürgenç we Akdepe etraplarynda 150 gektar meýdana ekiler.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklaryndan biridir. Şol sebäpli hem welaýatda her ýyl mallar üçin on müňlerçe tonna dürli iýmit, şol sanda arpa-da taýýarlanýar.
Hajymyrat ÇARYÝAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.
Teswirler