Gök önümleriň we miweleriň esasy wezipeleri

Gök önümler we miweler minerallara we witaminlere örän baýdyr. Şeýle-de, A witamini, E, C, B2 witaminlary, kalsiý, kaliý, demir,magniý, antioksidant häsiýetli beýleki birleşmeler bolan fol turşusyna, beta-karotine baýdyr.

  • Gök önümleriň we miweleriň esasy wezipeleri:
    * Adamyň ösmegine kömek edýär.
    * Öýjükleriň täzelenmegini we dokumalary bejermegi üpjün edýär.
    * Deri we göz saglygy üçin möhüm elementler bar.
    * Dişleriň we diş etleriniň saglygyny berkidýär.
    * Kesellere garşy goranmakda garşylygy emele getirmekde täsirli.
    * Deňagramsyz iýmitlenmek sebäpli semizlik we dowamly keselleriň (ýürek-damar keselleri, gipertoniýa keselleri) howpuny azaldaýar.
    * Içegeleriň yzygiderli işlemegine ýardam edýär.

Gök önümlerde dürli iýmitleriň barlygy sebäpli, gündiz sarp edilýän gök önümler köpdürli bolmaly.Şonuň üçin reňkli we dürli görnüşli gök önümleri iýiň. Bir günde goýy sary gök önümleri (käşir, ýer alma), goýy ýaşyl ýaprakly gök önümleri (ysmanak, porslan, brokkoli we.ş.m), krahmal gök önümleri (ýer alma, nohut) we beýleki gök önümleri (pomidor, sogan, noýba) deňagramly ýagdaýda sarp etmeli.


Miwe iýmitleniş elementleri we mukdary boýunça biri-birinden dürli aýratynlyklary görkezýär. Şonuň üçin sarp edilişinde dürlüligi üpjün etmeli. Adatça sitrus toparyna degişli miweler we ýertudana C witaminine, ülje, gara üzüm we gara tut antioksidantlara baý bolsa-da, banan, alma ýaly miweler kaliý elemintine baýdyr. Gök önümleri we miweleri iýmitleniş gymmaty hem-de tygşytlylygy taýdan, şeýle-de miweleriň köp we arzan wagtynda azyndan miweleriň we gök önümleriň 5 görnüşini iýmek maslahat berilýär.

Munira BAÝGUZYÝEWA,
S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
buhgalterçilik hasaba alnyş hünäriniň 109-njy toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok