Gazagystan ýurdumyzyň üsti bilen Eýrana eksportyny artdyrar

Gazagystan ýurdumyzyň üsti bilen Eýrana harytlarynyň birnäçesiniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Eksport ediljek harytlaryň umumy mukdary 162 million 300 müň ABŞ dollaryna ýetmegi meýilleşdirilýär.

Eksport ediljek önümleriň aglabasyny metallurgiýa, azyk, maşyngurluşygy, himiýa we derman senagaty düzýär. Eksport Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolundan peýdalanmak arkaly amala aşyrylar. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berer.

Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýew “Eýran bu ýol arkaly Russiýanyň we Hytaýyň bazarlaryna, öz gezeginde Gazagystan hem Pars aýlagynyň ähli döwletlerine çykmaklyga mümkinçilik aldy. Bu ugur ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga oňyn täsir etdi” diýip, belledi.

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Türkmen tarapy resminamany 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda YHG-niň döredilen gününe bagyşlap Aşgabatda gol çekmegi teklip etdi.

Zülfiýa ATAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok