Ýurdumyzda ýene 30 sany döwlet desgasy hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 30 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan edýänligini habar berdi. Bäsleşikli söwdalar 29-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriljek bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşikli söwdalar yglan edilenligi baradaky maglumat çap edilen gününden başlap, we onuň geçirilmegine 24 sagat galanda tamamlanar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar.

Maksat KADYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok