Baş kanun-Konstitusiýa ýurduň esasy kanuny bolmak bilen döwletiň hukuk esaslaryny berkidýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny- Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Konstitusiýa ýurduň içindäki hukuk ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hukugynyň belli bir jähtleri boýunça hem işleri alyp barýar. Onuň içinden halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň arasynda iň esasysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Rezolýusiýasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2018-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasynda “Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.
Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12- nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “ Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar” diýlip bellenilýär. Şeýle-de Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda “Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri
tutulmagyny ykrar edýär” diýlip, garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde bitaraplyk ýörelgesini daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgesi hökmünde alyp barýandygy beýan edilýär.
Dünýä halklarynyň dostluk-doganlyk, ylalaşyk ýoluna öwrülen türkmen bitaraplygy Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny amala aşyrmakda milli we taryhy ösüşiň aýratynlyklaryny, dünýä hem sebit derejesindäki ýagdaýlary we şertleri hemmetaraplaýyn göz öňünde tutýar. Bu esasda alnyp barylýan binýady berkden tutulan işleriň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesiniň mümkinçilikleri giňden açylýar we mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar.
Hilola NARTAJIÝEWA,
S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat mekdebiniň
Gidromeliorasiýa hünäriniň 106-njy toparynyň talyby.
Teswirler