Hormatly Prezidentimiz: “Bilimsiz öý – otsuz ojak ýalydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem häzirki wagtda durmuşymyzy ylym-bilimsiz, tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Döwrüň ösmegi, ýaşlaryň has-da kämilleşmekleri bilen ylym-bilimiň gazanýan netijeleri günsaýyn has-da artyp barýar. Elbet-de, munuň özi adamzat durmuşynda nanotehnologiýalar döwrüniň hakyky öz keşbine eýe bolýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.
Gahryman Arkagymyz özüniň her bir çykyşlarynda ylym-bilimiň iň soňky gazananlaryny durmuşymyza doly ornaşdyrylmalydygyny we olardan kämil baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn möhümdigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu tabşyryklary esasynda ýurdumyzda kabul edilen “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” şu ugurda goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda diňe bir ylym-bilim pudagynda däl, eýsem, ähli pudaklarda diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamy doly derejede ýola goýuldy. Ähli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, internet ulgamynyň sanlaşdyrylmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu ulgama düýpli girişilmegi bularyň aýdyň mysalydyr. Munuň özi halkymyzyň durmuşynyň has-da bolelinleşmegine, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz bu ulgam barada: “Kitaphana kitaplary saklamagyň däbe öwrülen hem-de medeniýet ojagy bolmagynda galyp, okyjylaryň isleglerine jogap bermelidir, olar bilen işjeň aragatnaşykda, şol sanda wirtual gurşawda bolmalydyr. Şol ýerde häzir biziň gündelik durmuşymyzyň, işimiziň, boş wagtymyzyň, söhbetdeşligimiziň, ösüşimiziň we bilim almagymyzyň bir bölegi geçýär” diýip belläp geçmek bilen jemgyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan kitaphana işini sanlaşdyrmagyň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginiň başlangyç esasy bolup durýandygyny jaýdar nygtaýar. Hakykatdan hem kitaphanalary sanly ulgama geçirmek hem jemgyýeti ösdürmegiň girewi bolup durýar. Wagtyň geçmegi hem-de ylmy tehnologiýanyň ösmegi bilen okamak işiniň özi hem düýpli özgerdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde we onlaýn görnüşde elýeterli bolup, kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly belli bir kitaphana «girmek» hem-de gerek neşiriň sanly görnüşini almak bolýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleriň girizilmegi, zerur bolan ugurlar, aýratyn-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça bilim bermek usulyny kämilleşdirmegi bu ugurdan ýokary derejedäki işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Rozymbaý Hallyýew,
S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat mekdebiniň
Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 214-nji
toparynyň talyby.
Teswirler