Halkara gatnaşyklaryna bagyşlanylan ylmy-döredijilik kitaby

Ýakynda ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri: Ylmy-döredijilik çemeleşmeler” atly täze kitap çapdan çykdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan taýýarlanan bu kitapda institutymyzyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň ylmy makalalary we goşgular ýygyndylary ýerleşdirilipdir. Üç bölümden ybarat bolan ylmy kitabyň birinji bölüminde mugallymlaryň ylmy makalalarynyň 37-si, ikinji bölüminde talyplaryň ylmy makalalarynyň 14-si, üçünji bölüminde institutymyzyň halypa mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Saryýewiň hem-de talyplaryň goşgularynyň 66 sanysy ýerleşdirilendir.

Halkara gatnaşyklaryndaky alnyp barylyan derwaýys meseleleri açyp görkezmek maksady bilen ýazylan kitapda mugallymlaryň we talyplaryň başarnykly hünärmenleri taýýarlamagyň oňyn tejribesine, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhyna, syýasy-diplomatik işiň ylmy-tejribe üpjünçiligine, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalaryna, durnukly ösüş maksatlarynynyň wezipelerine bagyşlanan temalar açylyp görkezilýär. Ol institutymyzyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň “Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebi: Halkara gatnaşyklary ugrundan başarnykly hünärmenleri taýýarlamagyň oňyn tejribesi atly ylmy makalasy bilen açylýar. Kitapda şeýle hem Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasatynyň esasy ýörelgelerine, ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösüşine, daşary ýurt dilleriniň jemgyýetde tutýan ornuna we beýleki ugurlara degişli makalalary, syýasy we durmuşy äheňli goşgulary bilen ýerleşdirilen.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi tarapyndan taýýarlanylan bu ylmy kitap ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyp ýaşlaryna we okyjylar köpçüligine niýetlenilendir.

Joraýew Atajan
Türkmenistanyň Daşary işler ministriginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok