Ýurdumyzyň eksporty dokuz aýda 50% ösdi

Ýurdumyz boýunça geçen dokuz aýda eksportyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20%-e golaý artdy we 6 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda eksportyň möçberi 50%-e golaý ýokarlandy.

Şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hem ýokary ösüş depginini saklandy. Şeýlelik bilen, tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2% möçberde galdy. Bulardan başga-da daşary söwda dolanyşygy 12,3% artyp, 9 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Olary hatarynda meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 35 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan 2,5 müň töweregi iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryny görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine türkmen işewürleriniň ýerine ýetiren hyzmatlary ýokary bolup durýar. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça birnäçe tagallalary edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen işewürlerine, telekeçilerine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň netijesidir.

Jahan NURYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok