Türkmenistan Özbegistana benzin eksporty boýunça ikinji orny eýeleýär

Türkmenistan 2021-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistana 121 million litr benzin eksport edip, Özbegistana – Russiýadan soň ikinji esasy ýangyç eksport edýän ýurt boldy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär.

2021-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistan 280 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy takmynan 100 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 esse ýokarlandy. Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, diňe awgust aýynda Özbegistana 7 million litr benziniň getirilendigi bellenilýär.

Häzirki wagtda Russiýa (139 million litr) Özbegistana ýangyç ibermekde öňdeligi eýeleýär. Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girdi.

Özbegistan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda takmynan 730 müň tonna benzin öndürildi. Onuň önümçiligi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,1% ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň içinde 418 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokarydyr.

Begenç MÜLKIÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok