Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi

8-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan we onlaýn görnüşde geçirilen bu çärä alym-lukmanlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri — BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary hem-de ylmy intelligensiýanyň wekilleri, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera we beýlekiler gatnaşdylar. Halkara foruma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Forumyň işiniň barşynda ýokanç kesellere garşy göreş, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy, bir söz bilen aýdylanda, ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösüşine ýardam berýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.

Şu gezekki forumyň barşynda bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigi, lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykarandygy nygtaldy. Türkmenistan dünýäde ilkinji ýurtlaryň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi, dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýetlerine we adamlaryň abadançylygyna oňaýsyz täsirini ýetiren berk karantin çäklendirmelerini girizmekden saklanmagy başardy.

Çykyş edenler tejribe alyşmak bilen, COVID-19 ýaly şeýle howpa garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam beren düzümleriň biri hökmünde birleşen maglumat gaznalaryny mysal getirdiler, saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýa netijesinde bu gaznalara hemmeleriň elýeterliligi üpjün edildi.

Maýsa Farhadowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok